Erdogan Aksa metjidi we Iýerusalim bilen bagly çagyryş berdi

Prezident Erdogan Twitter hasabyndan beýanat berdi

1636851
Erdogan Aksa metjidi we Iýerusalim bilen bagly çagyryş berdi

Prezident Rejep Taýýip Erdogan, Ysraýylyň Aksa metjidine, Iýerusalime we palestinalylaryň öýlerine garşy guraýan hüjümleri bilen baglanşykly, Yslam ýurtlaryny we bütin dünýäni täsirli ýagdaýda işe girişmäge çagyrdy. 

Prezident Erdogan Twitter hasabyndan beren beýanatynda: "Yslam ýurtlary başda bolmak bilen bütin dünýäni Ysraýylyň Aksa metjidine, Iýerusalime we palestinalylaryň öýlerine garşy guraýan hüjümleri bilen baglanşykly täsirli ýagdaýda işe girişmäge çagyrýaryn" diýip belledi. 

Prezident Erdogan beýanatynda: "Iýerusalim bütin dünýädir, ol ýerdäki musulmanlar bolan bütin adamzatdyr" sözbaşysy bilen beren beýanatynda: "Mukaddes şäher bolan Iýerusalimiň mertebesini, abraýyny, hormadyny, gymmadyny goramak her bir musulmanyň borjudyr. Aksa metjidi başda bolmak bilen Iýerusalimdäki ybadathanalara we musulmanlara garşy islendik hüjüm şol bir wagtda bize guraldy diýmekdir. Üç aýry diniň mukaddesliklerini özünde jemleýän Iýerusalimi wyždansyz, ahlaksyz, hukuksyz, hormatsyz hüjümler bilen hapalaýan zalymlara garşy durmak özüni adam hökmünde görýän her bir şahsyýetiň jogapkärçiligidir. Ysraýyl döwletiniň hüjümlerine sesini çykarmaýan we kesgitleýji bir pozisiýa eýelemeýän, aýlawly ýagdaýda goldaw beren her kim ol ýerde başdan geçirilýän zuluma şärikdir" diýip belledi. 



Degişli Habarlar