“Ýaragly Uçarmansyz Howa Ulaglarymyzyň Ok-Därilerini Özümiz Öndürýäris”

Prezident Erdogan "Indi ýaragly uçarmansyz howa ulaglarymyzyň ok-därilerini hem özümiz öndürýäris” diýdi.

1636536
“Ýaragly Uçarmansyz Howa Ulaglarymyzyň Ok-Därilerini Özümiz Öndürýäris”

 

Prezident R. T. Erdogan “81 welaýatdan 560 ýetinginçek bilen agzaçar saçagynda” atly gepleşige Stambuldan Wahdettin köşgünden wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly gatnaşdy.

Prezident Erdogan agzaçarda eden çykyşynda, her bir ýurduň doly garaşsyz we özygtyýarly döwlet ýagdaýyna gelmeginiň käbir şertleriniň bardygyny nygtady.

Prezident Erdogan, “Bulardan biri öz tehnalogiýaňy öndürýän infstruktura eýe bolmak. Bu meselede goranyş senagaty taýdan uly öňe gidişlik etdik we öndüren goranyş enjamlarymyzy başga ýurtlara eksport etmäge başladyk. Import däl eksport. Indi ýaragly uçarmansyz howa ulaglarymyzyň ok-därilerini hem özümiz öndürýäris” diýdi.



Degişli Habarlar