" Aksa Metjidine we Musulmanlara Garşy Guralýan Hüjümleriň Gyssaly Bes Edilmegini Isleýäris”

“Bütindünýä Ysraýylyň Aksa metjidine, Iýerusalime we palestinalylaryň öýlerine guraýan hüjümlerine garşy herekete geçmekleri üçin çagyryş berýärin”

1636643
" Aksa Metjidine we Musulmanlara Garşy Guralýan Hüjümleriň Gyssaly Bes Edilmegini Isleýäris”

 

Prezident R. T. Erdogan “Musulman ýurtlarynyň başda durmagynda bütin dünýä Ysraýylyň Aksa metjidine, Iýerusalime we palestinalylaryň öýlerine guraýan hüjümlerine garşy herekete geçmekleri üçin çagyryş berýärin” diýdi.

Prezident Erdogan, perzentleri ekstremist terror guramasy PKK tarapyndan daga alnyp gidilen Diýarbakyrly eneler bilen agzaçarda duşuşdy.

Erdogan duşuşykda “Iýerusalimde Aksa metjidine we musulmanlara garşy guralýan hüjümleriň gyssaly bes edilmegini isleýäris” diýdi.

“Iýerusalimi we musulmanlary gorap bilmeýän dünýä öz özüne dönüklik etdi” diýmekdir” diýen Prezident Erdogan, “Musulman ýurtlarynyň başda durmagynda bütin dünýä Ysraýylyň Aksa metjidine, Iýerusalime we palestinalylaryň öýlerine guraýan hüjümlerine garşy herekete geçmekleri üçin çagyryş berýärin”diýdi.

 “Zalym Ysraýyl, döwlet terroryny edýän Ysraýyl, mukaddes ýerlerini, müňlerçe ýyllyk öýlerini goramakdan başga niýeti bolan Iýerusalimli musulmanlara wagşylarça hüjüm edýär” diýen Prezident Erdogan “Türkiýe hökmünde hemişe bolşy ýaly şu günki günde hem Iýerusalimdäki doganlarymyza, palestinadaky ähli musulmanlara goldaw bermäge dowam ederis” diýdi.

Ysraýylyň howpsyzlyk güýçleriniň Aksa metjidine, Damask gapysyna we Şyh Jerrah mähellerindäki palestinalylara guran hüjümlerinde 200-den gowrak adam ýaralanypdy.

Ysraýyl sebitde guraýan hüjümlerini dowam edirýär.



Degişli Habarlar