“Müsür Halky Bilen Taryhy Jebisligimizi Ýaňadandan Dikeltmek Üçin Tagalla Edýäris ”

Prezident Erdogan “Täze etap başlady” diýdi

1636086
“Müsür Halky Bilen Taryhy Jebisligimizi Ýaňadandan Dikeltmek Üçin Tagalla Edýäris ”

Prezident R. T. Erdogan “Müsür halky bilen taryhy jebisligimizi ýaňadandan dikeltmek üçin tagalla edýäris ” diýdi.

Prezident Erdogan Stambulda beren beýannamasynda “Müsüriň halky bilen hiç hili kynçylygymyz bolmady. Müsüriň halky bilen türk halkynyň arasyndaky jebisligiň geçmişi taryhyň çuňluklaryna çenli uzap gidýär. Duşman doganlar hökmünde däl eýsem dost hökmünde müsüriň halky bilen bolan jebisligimizi ýaňadandan dikeltmek üçin tagalla edyäris” diýdi.

Prezident Erdogan, Daşary işler ministriniň orunbasary Sedat Önalyň we Müsüriň Daşary işler ministriniň orunbasary Hamdi Sanad Lozanyň ýolbaşçylygyndaky topara gepleşikleriň Kairde geçirlendigini we 2 gün dowam edendigini ýatlatdy.

Prezident Erdogan “Täze etap başlady” diýdi.

 Kovid-19 sanjymynyň patenti meselesinde hem durup geçen Erdogan “Ylym ähli adamzat üçindir, ylymda göriplik bolmaz. Ynsanyň saglygy meselesinde we sanjymy biz öndürdik hiç kime bermeris diýmek asla dogry däl” diýip belledi.



Degişli Habarlar