Yragyň demirgazygynda iki terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

Yragyň demirgazygynda 2 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi, Eren-15 operasiýasy başladyldy

1635040
Yragyň demirgazygynda iki terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

Yragyň demirgazygyndaky Penje-Ýyldyrym operasiýalarynda täsirsiz ýagdaýa getirilen terrorçylaryň sany 70-e ýetdi. 

Türkiýäniň Milli Goranmak ministrliginden "Terrorçylara gaçmara ýer ýok" sözleri bilen beren beýanatyna görä, operasiýada anyklanan ekstremist terror guramasy PKK-a agza ýene-de 2 terrorçy ýaragly uçarmansyz howa ulaglary bilen täsirsiz ýagdaýa getirildi. 

Şeýlelik bilen täsirsiz ýagdaýa getirilen terrorçylaryň sany 70-e ýetdi. 

Milli Goranmak ministrliginden berilen başga bir beýanatda bolsa, Penje-Ýyldyrym operasiýalarynda ekstremist terror guramasy PKK-a agza terrorçylar tarapyndan ulanylan möhüm bir gowagyň içindäki ok-däriler bilen birlikde ýok edilendigi aýan edildi. 

Türkiýäniň Ýaragly güýçleriniň Yragyň demirgazygyndan harby birikmelere garşy guralmagy ähtimal terrorçylykly hüjüm howpuny ortadan aýyrmak we serhetleriň howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen 23-nji aprelde başladan Penje-Ýyldyrym operasiýalary üstünlikli ýagdaýda dowam edýär. 

Beýleki tarapdan bolsa Içeri işler ministrligi tarapyndan ýurdyň öz içinde geçirilen operasiýalaryň çäginde Agry, Ygdyr, Kars we Ardahan welaýatlarynda 2 müň 65 adamyň gatnaşmagynda "Eren-15 Agry Dagy-Çemçe Madur" atly operasiýa başladyldy. 



Degişli Habarlar