Türkiýäniň Goranmak ministri Latwiýanyň Goranmak ministri bilen gepleşik geçirdi

Türkiýäniň Goranmak ministri Hulusi Akar Latwiýanyň Wise-premýeri we Goranmak ministri Artis Pabriks bilen sanly ulgam arkaly gepleşik geçirdi

1635441
Türkiýäniň Goranmak ministri Latwiýanyň Goranmak ministri bilen gepleşik geçirdi

Türkiýäniň Goranmak ministrligi tarapyndan berilen beýanatda, Goranmak ministri Hulusi Akaryň Latwiýanyň Wise-premýeri we Goranmak ministri Artis Pabriks bilen sanly ulgam arkaly gepleşik geçirendigi mälim edildi. 

Beýanatda gepleşikleriň barşynda ikitaraplaýyn we sebitleýin goranyş, howpsuzlyk, goranyş senagatynda hyzmatdaşlyk we NATO bilen bagly meseler boýunça pikir alyşylandygy habar berildi. 

Mundan başgada Milli Goranmak ministrliginden berilen beýanatda: "Latwiýanyň Mejlisiniň genosid kararyny ret edýäris we ykrar etmeýäris" diýip bellendi. 

Latwiýanyň parlamenti şu gün 1915-nji ýyldaky wakalary genosid hökmünde häsýetlendirýän karar kabul edipdi. 



Degişli Habarlar