Erdogan Bilen Merkel Wideoaragatnaşyk Ulgamy Arkaly Duşuşyk Geçirdi

Duşuşykda Türkiýe bilen Germaniýanyň arasyndaky özara gatnaşyklar bilen birlikde sebitara meseleler ara alnyp maslahlaşyldy

1634912
Erdogan Bilen Merkel Wideoaragatnaşyk Ulgamy Arkaly Duşuşyk Geçirdi

 

Prezident R. T. Erdogan, Germaniýanyň Federal Kansleri Angela Merkel bilen wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly duşuşyk geçirdi.

Prezidentiň ýanyndaky Kommunikasiýalar edarasyndan berlen beýannama görä, duşuşykda Türkiýe bilen Germaniýanyň arasyndaky özara gatnaşyklar bilen birlikde sebitara meseleler ara alnyp maslahlaşyldy.

Prezident Erdogan, Germaniýada başlan saýlaw etabynyň düşümli bolmagyny arzuw edip, täze döwürde hem Türkiýe bilen Germaniýanyň arasyndaky gatnaşyklaryň strategik garaýyş bilen ösjekdigine ynanýandygyny nygtady.

Türkiýe bilen ÝB-niň arasyndaky gatnaşyklardaky oňyn başlangyçlaryň dowam etdirilmelidigini nygtan Erdogan, Gresiýanyň öjükjidirmeleriniň dowam edýändigini, Egeýde halkara hukugyna bap gelmeýän ýagdaýda bosgunlaryň Türkiýäniň gara suwlaryna yzyna itilýändigini emma muňa garamazdan oňyn atmosferanyň dowam etmegi üçin Türkiýäniň parasatly çemeleşýändigini belledi.

Erdogan, NATO-nyň çäginde Owganysana beriljek goldawyň  ara alnyp maslahatlaşylmalydygyny, Liwiýanyň durnuklylygy üçin bolsa Milli jebislik hökümetine goldaw bermäge dowam etjekdiklerini we şol çäkde Germaniýa bilen hyzmatdaşlyk etmäge taýardyklaryny aýtdy.



Degişli Habarlar