Türkiýäniň Wekiliýeti Müsüre Gitdi
Kairde Türkiýe-Müsür syýasy geňeşmeleri geçiriler
Türkiýe bilen Müsüriň arasyndaky syýasy geňeşmeleriň çäginde Daşary işler ministriniň orunbasary Sedat Önalyň ýolbaşçylygyndaky türk wekiliýeti maý aýynyň 5-6-sy aralygynda Müsürde saparda bolar
Daşary işler ministrliginden berilen ýazmaça beýannamada Türkiýe bilen Müsüriň arasynda syýasy geňeşmelerin Daşary işler ministriniň orunbasary Sedat Önal bilen Müsüriň Daşary işler ministriniň orunbasary Hamdi Sanad Lozanyň ýolbaşçylyk etmegimnde maý aýynyň 5-6-sy aralygynda Kairde geçiriljekdigi habar berildi.
Beýannamada geňeşmelerde iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň özara we sebitara derejede kadalaşmagy üçin edilmeli başlangyçlar boýunça pikir alyşyljakdygy nygtalýar.
Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly 15-nji aprelde gatnaşan ýaýlymynda Türkiýe bilen Müsüriň arasynda ilki howpsuzlyk gulluklarynyň arasynda başlan gatnaşygyň daşary işler ministrlikleriniň üsti bilen dowam etmegi boýunça ylalaşylandygyny beýan edipdi.
Türkiýe bilen Müsüriň arasyndaky diplomatik gatnaşyklar 2013-nji ýyldan bäri kadaly däldi.
Degişli Habarlar
Prezident Erdogan, Gollandiýanyň Premýer-ministrini Kabul Etdi
Wahdettin köşgünde bolan kabul edilşik metbugata ýapyk häsiýetinde geçirildi.
TRT Ispan Digital Habar Platformasy Düşümli Bolsun
TRT Ispan digital habar platformasy dabaraly ýagdaýda açyldy.