Türkiýäniň Koronawirusa Garşy Göreşi Dowam Edýär

Soňky 24 sagatda koronawirus sebäpli çekilen adam pidasy 356 boldy.

1634749
Türkiýäniň Koronawirusa Garşy Göreşi Dowam Edýär

Epidemiýanyň başyndan bäri aradan çykan raýatlaryň sany 41 müň 883 adama ýetdi.

24 sagadyň dowamynda 229 müň 491 adam testden geçirilip, ýene-de 2 müň 414 adama koronawirusyň ýokaşandygy anyklandy.

Gündelik hasaba alynanlaryň sany bolsa 26 müň 476 adama ýetdi

Saglyk ýagdaýy gowulaşyp öýlerine ugradylan 35 müň 464 adam bilen birlikde, jemi sagalan raýatlaryň sany 4 million 589 müň 501 adama ýetdi.

Saglygy goraýyş ministri Fahrettin Koja, hassalaryň sanynyň uly mukdarda azalandygyny nygtap; “Şu günlerde agyr kesellileriň we adam pidalarynyň sanynda görülýän çäreleriň täsiri duýarys” diýdi.

Ýurduň ähli künjeklerinde anna gününden bäri pandemiýa garşy “doly çäklendirme” çäreleri görülýär.



Degişli Habarlar