Türk wekiliýeti Müsürde saparda bolýar

Müsüriň Daşary işler ministrligi Kair şäherine baran türk wekiliýeti bilen Müsür tarapynyň arasyndaky gepleşikleriň başlandygyny habar berdi

1634685
Türk wekiliýeti Müsürde saparda bolýar

Türkiýäniň Daşary işler ministriniň orunbasary Sedat Önalyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet, resmi sapar bilen Müsüriň paýtagty Kair şäherine gitdi. 

Daşary işler ministriniň orunbasary Sedat Önal müsürli kärdeşi Hamdi Sanad Loza bilen toparara gepleşikler geçirdi. 

Iki gün dowam etjek saparyň çäginde, iki ýurdyň arasyndaky gatnaşyklaryň ikitaraplaýyn we sebitleýin taýadan kadalaşmagy üçin ediljek ädimleriň üstünde durulyp geçiler. 

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly 15-nji aprelde beren beýanatynda, Türkiýe bilen Müsüriň arasynda ilki bilen razwedka gulluklarynyň arasynda açylan aragatnaşyk kanalynyň Daşary işler ministrleri derejesinde dowam etmegi babatynda ylalaşyk gazanylandygyny habar beripdi. 

Türkiýe bilen Müsüriň arasynda diplomatik gatnaşyklar 2013-nji ýyldan bäri ikitaraplaýyn häsýetde diňe wekil diplomat derejesinde alynyp barylýardy.  



Degişli Habarlar