Erdogan Maldarçylyk Bilen Meşgullanýan Maşgalalardan Birine Myhman Boldy

Prezident Erdogana Oba we tokaý hojalygy ministri Bekir Pakdemirli hem ýoldaşlyk etdi

1634140
Erdogan Maldarçylyk Bilen Meşgullanýan Maşgalalardan Birine Myhman Boldy

Prezident R.T.Erdogan Prezidentiň kompleksindäki ofisinden çykyp, Ankaranyň Aýaş etrabynda maldarçylyk bilen meşgullanýan Bekir Dikmen we maşgala agzalary bilen duşuşdy.

Maşgala agzalary bilen söhbetdeş bolan Erdogan, çagalara oýunjak sowgat etdi.

Ol ýerde Dikmenler maşgalasy bilen agzyny açan Prezident Erdogana Oba we tokaý hojalygy ministri Bekir Pakdemirli hem ýoldaşlyk etdi.



Degişli Habarlar