Mewlüt Çawuşogly liwiýaly kärdeşi bilen umumy metbugat ýygnagyny geçirdi

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, Türkiýäniň Liwiýanyň bütewiligine, özygtyýarlylygyna, garaşsyzlygyna we syýasy jebisligine ähmiýet berýändigini habar berdi

1633366
Mewlüt Çawuşogly liwiýaly kärdeşi bilen umumy metbugat ýygnagyny geçirdi

Türkiýäniň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, resmi sapar bilen giden Liwiýanyň paýtagty Tripoli şäherinde geçiren ikiçäk duşuşygyndan soň, kärdeşi Nejla al-Menguş bilen umumy metbugat ýygnagyny geçirdi. 

Mewlüt Çawuşogly, uly wekiliýet bilen guralan bu saparyň maksadynyň doganlyk Liwiýa we Milli ylalaşyk hökümetine Türkiýäniň berýän goldawyny ýene-de bir gezek nygtap geçmekdigini beýan etdi. 

"Türkiýe hökmünde Liwiýanyň bütewiliginiň, özygtyýarlylygynyň, garaşsyzlygynyň we syýasy jebisliginiň goralmagyny hemişe ýörelge edindik we aýratyn ähmiýet berýäris" diýip bellän Çawuşogly, Türkiýäniň hemişelik parahatçylyk, durnuklylyk we asudalyk üçin elinden gelen tagallany edýändigini mälim etdi. 

Kärdeşi bilen iki ýurdyň arasynda bar bolan deňiziň ygtyýar giňişlikleri boýunça ylalaşygy we mundan soň ediljek ädimleri ara alyp maslahatlaşandyklaryny aýdan Çawuşogly: "Liwiýaly doganlarymyzyň gowy we erbet günlerinde ýanlarynda bolmaga dowam ederis we öňümizdäki günlerde saparlarymyzy has hem artdyrarys" diýip habar berdi. 

Liwiýanyň Daşary işler ministri Menguş bolsa öz gezeginde, Türkiýäniň soňky tapgyryň dowamynda liwiýalylaryň ýanynda durandygyny we aýratyn ýagdaýda goldaw berýändigini belläp, Türkiýä minnetdarlyk bildirdi. 

Menguş ýurdyň çäklerindäki ähli daşary ýurt güýçleriň we hakyna tutma esgerleriň barlygynyň bes edilmegi üçin Türkiýä hyzmatdaşlyk etmek barada çagyryş berendigini aýan etdi. 

Menguş, ykdysady gatnaşyklary hem iki ýurdyň kanuny bähbitleriniň çäginde özgertmek isleýändiklerini beýan etdi. 



Degişli Habarlar