Daşary ýurtly ilçiler Prezident Erdogana ynanç hatlaryny gowşurdylar

Paýtgat Ankara şäherindäki Prezident kompleksinde bolan kabul edilşikde ilçiler Erdogana ynanç hatlaryny gowşurdylar

1633927
Daşary ýurtly ilçiler Prezident Erdogana ynanç hatlaryny gowşurdylar

Prezident Rejep Taýýip Erdogan Çiliniň Ankaradaky Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Rodrigo E. Arkos Kastrony, Gwineýa-Bisaunyň Ankaradaky Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi  Malam Maneni, Argentinanyň Ankaradaky Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Patrisia Beatriz Salasy we Efiopiýanyň Ankaradaky Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Adem Mohammed Mahmudy kabul etdi. 

Paýtgat Ankara şäherindäki Prezident kompleksinde bolan kabul edilşikde ilçiler Erdogana ynanç hatlaryny gowşurdylar. 

Ilçileriň ilçihanalaryň käbir işgärlerini Prezident Erdogan bilen tanyşdyranlaryndan soň ýadygärlik surata düşüldi. 



Degişli Habarlar