Daşary Işler Ministri Mewlüt Çawuşogly Sloweniýada Saparda Bolýar

Mewlüt Çawuşogly resmi saparynyň çäginde Sloweniýanyň Daşary işler ministri Anze Logar bilen duşuşdy.

1633851
Daşary Işler Ministri Mewlüt Çawuşogly Sloweniýada Saparda Bolýar

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly ÝB-niň döwürleýin ýolbaşçylygyny öz üstüne aljak Sloweniýa guraýan saparyny dowam etdirýär.

Mewlüt Çawuşogly resmi saparynyň çäginde Sloweniýanyň Daşary işler ministri Anze Logar bilen duşuşdy.

Çawuşogly bilen Logar özara we toparara gepleşiklerden soň metbugata beýannama berdi.

Duşuşygyň netijeli geçendigini nygtan ministr Çawuşogly, ÝB-ne agza käbir ýurtlarda adam hukuklary taýdan kynçylyklaryň başdan geçirilýändigini we yslama garşy hüjümleriň artandygyny aýtdy.

Sloweniýanyň Daşary işler ministri Anze Logar hem, kärdeşi Çawuşoglynyň Liwiýa guran sapary we Owganystandaky soňky ýagdaý hakynda özlerine maglumat berendigini ýatladyp “Bu biziň için diýseň möhüm. Göç meselesindäki şertnamanyň ýaňadandan gözden geçirilmegi meselesi hem ÝB-niň döwürleýin ýolbaşçylygyny öz üstüne aljak Sloweniýa üçin gün tertibinde esasy orun eýelýär” diýdi.



Degişli Habarlar