TÜBITAK: "Ýerli sanjym ýylyň ahyrynda ulanylmaga beriler" diýdi

TÜBITAK guramasynyň başlygy Hasan Mandal, koronawirus epidemiýasyna garşy oýlanyp tapylan ýerli sanjymyň ýylyň ahyrynda ulanylmaga beriljekdigini habar berdi

1632996
TÜBITAK: "Ýerli sanjym ýylyň ahyrynda ulanylmaga beriler" diýdi

TÜBITAK guramasynyň başlygy Hasan Mandal, ýerli sanjym işleri barada TRT Habar kanalyna maglumat berdi. 

TÜBITAK guramasynyň koordinasiýasynda alynyp barylýan 7 sanjym taslamasynyň bardygyny aýdan Hasan Mandal, şol sanjymlaryň biri bolan VLP görnüşli sanjymyň synag işlerine 27-nji martda başlanandygyny mälim etdi. 

Maý aýynyň ahyrynda, iýun aýynyň başynda 2-nji tapgyr synag işleriniň başlajakdygyny aýdan Mandal: "Awgust aýynda bolsa 3-nji tapgyr synaglary we 2021-nji ýylyň soňunda bolsa nesip bolsa VLP görnüşli sanjymy dolulygyna taýarlarys we global derejede ulanylyşa hödürläris" diýip mälim etdi. 

Koronawirus epidemiýasyna garşy derman işleri barada hem maglumat beren TÜBITAK guramasynyň başlygy Hasan Mandal, täze 2 dermanyň 2-nji tapgyr synaglaryna şu hepde başlanjakdygyny, awgust aýynda bolsa bejergilerde ulanyp boljak ýagdaýa getiriljekdigini aýan etdi. 



Degişli Habarlar