Terrorizme Garşy Göreş Egilşiksiz Dowam Edýär

Kellesine baýrak goýulan 3 terrorçynyň täsirsiz ýagdaýa getirilendigi anyklandy

1632932
Terrorizme Garşy Göreş Egilşiksiz Dowam Edýär

Diýarbakyr welaýatynyň Lije etrabynyň çetki obalarynda 29-njy aprelde täsirsiz ýagdaýa getirilen 6 PKK terrorçysyndan 3 sanysynyň gyzyl, mämişi we çal kategoriýalarda gözlenýändiklerini anyklandy.

İçeri işler ministrliginden berilen beýannama görä terrorçylardan Suna Taşyň 2011-nji ýylda Diýarbakyrdan terror guramasynyň hataryna goşulandygy, terorrdan gözlenýänleriň sanawynda 10 milli Türk lirasy baýrak bilen “gyzyl” kategoriýada görlenýändigi anyklandy.

Latife Hanibi atly terrorçynyň “hamala Amed welaýatynyň Lije etrabynyň zenanlardan jogapkär ýolbaşçysy” hökmünde iş alyp barýandygy, 1 million Türk lirasy baýrak bilen “mämişi” kategoriýada gözlenýändigi anyklandy.

Terrorçy Dilan Silinsiniň bolsa “hamala Amed welaýatynyň Lije etrabynda” işleýändigi we 600 müň Türk lirasy baýrak bilen “çal” kategoriýada gözlenýändigi anyklandy.

Adybir terrorçylaryň Diýarbakyr sebitinde bolan terror aksiýalarynyň meýilleşdirijisidigi kesgitlendi.

 



Degişli Habarlar