Hulusi Akar Yragyň demirgazygynda geçirilýän operasiýalar barada beýanat berdi

"Penje-Ýyldyrym" operasiýalarynyň çäginde täsirsiz ýagdaýa getirilen terrorçylaryň sany şeýlelik bilen 51-e ýetdi

1632596
Hulusi Akar Yragyň demirgazygynda geçirilýän operasiýalar barada beýanat berdi
akar eskişehir.jpeg

Türkiýäniň Milli Goranmak ministri Hulusi Akar, "Penje-Ýyldyrym" operasiýalarynda 1-i guramanyň jogapkär ýolbaşçysy bolan jemi ýene-de 7 terrorçynyň täsirsiz ýagdaýa getirilendigini habar berdi. 

Milli Goranmak ministri Hulusi Akar, Yragyň demirgazygynda dowam etdirilýän "Penje-Ýyldyrym" operasiýalarynyň howa hüjümleriniň dolandyrylýan ýeri bolan Eskişehir şäherindäki Harby-howa güýçleriniň söweşjeň serkerdeliginde gözegçilik işlerini geçirdi. 

Ministr Hulusi Akar "Penje-Ýyldyrym" operasiýalarynda gowaklaryň birinde anyklanan ýene-de 7 terrorçynyň täsirsiz ýagdaýa getirilendigini belläp, şolaryň biriniň guramanyň sebitden jogapkär ýolbaşçy bolandygyny mälim etdi. 

"Penje-Ýyldyrym" operasiýalarynyň çäginde täsirsiz ýagdaýa getirilen terrorçylaryň sany şeýlelik bilen 51-e ýetdi. 



Degişli Habarlar