Yragyň demirgazygynda bir esger şehit boldy

Yragyň demirgazygynda dowam etdirilýän Penje-Ýyldyrym operasiýasynda 1 esger şehit boldy

1632202
Yragyň demirgazygynda bir esger şehit boldy

Türkiýäniň Milli Goranmak ministrliginden berilen beýanatda, Penje-Ýyldyrym operasiýasy sebitindäki birikmeleriň birine terror guramasy tarapyndan raketa bilen guralan hüjümde 1 esgeriň şehit bolandygy mälim edildi. 

Beýanatda: "Bizi çuňňur gynandyran we gam-gussa bogan bu wakada ýogalan eziz şehidimize Alladan rahmet, gussaly maşgalasyna, Türkiýäniň Ýaragly güýçlerine we eziz milletimize gynanç we sabyr dileýäris" diýip habar berildi. 



Degişli Habarlar