Türkiýede Kowid-19 pandemiýasyna garşy göreş dowam edýär

Gündelik hasaba alynanlaryň sany bolsa 25 müň 980 adama ýetdi

1632472
Türkiýede Kowid-19 pandemiýasyna garşy göreş dowam edýär

Türkiýäniň koronawirus epidemiýasyna garşy göreşinde soňky 24 sagatda çekilen adam pidasy 340 boldy.

Türkiýede epidemiýanyň başyndan bäri aradan çykan raýatlaryň sany 40 müň 844 adama ýetdi.

Soňky 24 sagadyň dowamynda 240 müň 145 adam testden geçirilip, ýene-de 2 müň 587 adama koronawirusyň ýolugandygy anyklandy.

Gündelik hasaba alynanlaryň sany bolsa 25 müň 980 adama ýetdi.

Saglyk ýagdaýy gowulaşyp öýlerine ugradylan 75 müň 182 adam bilen birlikde, jemi sagalan raýatlaryň sany 4 million 480 müň 381 adama ýetdi.



Degişli Habarlar