"Penje-Ýyldyrym" operasiýasynda täsirsiz ýagdaýa getirilen terrorçylaryň sany 46-a ýetdi

Yragyň demirgazygynda geçirilýän "Penje-Ýyldyrym" operasiýasynda PKK-a agza ýene-de 2 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

1632431
"Penje-Ýyldyrym" operasiýasynda täsirsiz ýagdaýa getirilen terrorçylaryň sany 46-a ýetdi

Türkiýäniň Milli Goranmak ministrligi: "Penje-Ýyldyrym operasiýasy sebitinde anyklanan PKK-a agza 2 terrorçy, Atak dikuçarlarymyz bilen täsirsiz ýagdaýa getirildi" diýip habar berildi. 

Şeýlelik bilen operasiýada täsirsiz ýagdaýa getirilen terrorçylaryň sany 46-a ýetdi. 

"Penje-Şimşek" we "Penje-Ýyldyrym" operasiýalarynyň çäginde geçirilýän gözleg we saplaýyş işleriniň çäginde anyklanan terrorçylara degişli gowak, komandos güýçleri tarapyndan ulanyp bolmajak ýagdaýa getirildi. 

Milli Goranmak ministri Hulusi Akar, Baş Ştabyň başlygy Ýaşar Güler we Gury ýer güýçleriniň serkerdesi Ümit Dündar bilen bilelikde Yragyň demirgazygyndaky birikmelerde gözegçilik işlerini geçiripdi. 

Hulusi Akar, Şyrnak welaýatynda beren beýanatynda, Penje-Şimşek we Penje-Ýyldyrym operasiýalarynyň üstünlikli ýagdaýda dowam edýändigini belläp, operasiýalaryň netijesinde häzirki wagta çenli 44 terrorçynyň täsirsiz ýagdaýa getirilendigini belläp, terrora garşy göreşiň iň soňky terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirtilýänçä çenli dowam etjekdigini mälim edipdi. 



Degişli Habarlar