Goranmak ministri Hulusi Akar Yrak serhedinde gözegçilik işlerini geçirdi

Hulusi Akar alyp barýan göreşleriniň diňe terrorçylara garşydygyny mälim etdi

1632269
Goranmak ministri Hulusi Akar Yrak serhedinde gözegçilik işlerini geçirdi

Milli Goranmak ministri Hulusi Akar, Yragyň demirgazygynda dowam etdirilýän Penje-Şimşek we Penje-Ýyldyrym operasiýalarynda häzirki wagta çenli 44 terrorçynyň täsirsiz ýagdaýa getirilendigini mälim etdi. 

Milli Goranmak ministri Hulusi Akar, Baş Ştabyň başlygy Ýaşar Güler bilen Gury ýer güýçleriniň serkerdesi Ümit Dündar bilen bilelikde Yragyň demirgazygyndaky birikmelerde gözegçilik işlerini geçirdi. 

Hulusi Akar, Şyrnak welaýatynda beren beýanatynda, Penje-Şimşek we Penje-Ýyldyrym operasiýalarynyň üstünlikli ýagdaýda dowam edýändigini belläp, operasiýalaryň netijesinde häzirki wagta çenli 44 terrorçynyň täsirsiz ýagdaýa getirilendigini mälim etdi. 

Terrora garşy göreşiň iň soňky terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirilýänçä çenli dowam etjekdigini aýdan Akar: "Ähli hinlerine girdik, terrory dolulygyna ýok etmekde erjeldiris we tutanýerlidiris. Muňa güýjümiz ýetýär, muny ederis. Iň gysga wagtda parahatçylygy we asudalygy ýola goýarys" diýip belledi. 

Alyp barýan göreşleriniň diňe terrorçylara garşydygyny aýdan ministr Hulusi Akar: "Hiç bir ýagdaýda kürt doganlarymyz, raýatlarymyz bilen meselämiz ýok. Ýeke-täk maksadymyz terrory ýok etmek, iň soňky terrorçyny täsirsiz ýagdaýa getirmek" diýip habar berdi.



Degişli Habarlar