DAIŞ bilen arabaglanşygy bolandygy anyklanan bir adam tussag edildi

Terror guramasy DAIŞ-iň ozalky lideri Abu al-Bagdadi bilen arabaglanşygy bolandygy anyklanan bir adam Stambulda tussag edildi

1632423
DAIŞ bilen arabaglanşygy bolandygy anyklanan bir adam tussag edildi

Stambulyň Terrora garşy göreş bölümi we Milli Howpsuzlyk gullugy DAIŞ we çaknyşyklaryň başdan geçirilýän sebit bilen arabaglanşyklary bolan adamlaryň anyklanmagy üçin işe girişdiler. 

Toparlar, 2014-nji ýylda çaknyşyklaryň bolan ýerlerine giden we ol ýerde terror guramasy DAIŞ-iň içinde ýaragly tälim, guramanyň içinde jogapkär derejede iş alyp barandyklary, guramanyň karar kabul ediş organynyň düzümindäki ýokary derejeli emirler bilen bilelikde hereket edendigi anyklanan daşary ýurtly terrorçylaryň Stambuldadygyny anyklady. 

Geçirilen işleriň netijesinde 2019-njy ýylda ABŞ-nyň Idlibde geçiren operasiýasynda öldürilen DAIŞ-iň lideri Abu al-Bagdadiniň Siriýada howpsyz zolaklara geçiş tapgyrynda rol oýnandygy we häzirki wagtda hem çaknyşyklar zolagynda bar bolan guramanyň agzalary bilen arabaglanşykda bolup hereket edýändikleri kesgitlenen bir adam, 28-nji aprelde geçirilen operasiýada göz tussaglygyna alyndy. 

Göz tussaglygyna alynan guramanyň agzasynyň Içeri işler edarasyndaky işleri dowam edýär. 


Etiketkalar: #operasiýa , #DAIŞ , #Stambul

Degişli Habarlar