“Penje Ýyldyrym” Operasiýalarynda Terrorçylaryň Hinlerine Çenli Girildi

Terrorçylara uly zarba urulýar

1631975
“Penje Ýyldyrym” Operasiýalarynda Terrorçylaryň Hinlerine Çenli Girildi

 

Milli Goranmak ministrligi “Penje Ýyldyrym” operasiýalary arkaly terrorçylara uly zarba urulýandygyny mälim etdi.

Milli Goranmak ministrliginiň Twitterden beren habarnamasyna “Yragyň demirgazygynda dowam edýän “Penje Ýyldyrym” operasiýalary bilen terrorçylaryň hinlerine çenli girmäge dowam edýäris” diýildi.

Habarnamada operasiýalarda esgerleriň gowaklarda geçiren gözleg we barlag işleri hakyndaky wideo ýazgylara hem ýer berildi.



Degişli Habarlar