Koronawirusa Garşy Göreş Dowam Edýär

Gündelik hasaba alynanlaryň sany bolsa 28 müň 817 adama ýetdi

1632117
Koronawirusa Garşy Göreş Dowam Edýär

 

Türkiýäniň koronawirusa garşy göreşi dowam edýär

Soňky 24 sagatda koronawirus sebäpli çekilen adam pidasy 373 boldy.

Epidemiýanyň başyndan bäri aradan çykan raýatlaryň sany 40 müň 504 adama ýetdi.

24 sagadyň dowamynda 242 müň 194 adam testden geçirilip, ýene-de 2 müň 615 adama koronawirusyň ýokaşandygy anyklandy.

Gündelik hasaba alynanlaryň sany bolsa 28 müň 817 adama ýetdi

Saglyk ýagdaýy gowulaşyp öýlerine ugradylan 81 müň 302 adam bilen birlikde, jemi sagalan raýatlaryň sany 4 million 405 müň 199 adama ýetdi.



Degişli Habarlar