Soňky 24 Sagatda Koronawirus Sebäpli Çekilen Adam Pidasy 394 Boldy

Gündelik hasaba alynanlaryň sany bolsa 31 müň 891 adama ýetdi

1631750
Soňky 24 Sagatda Koronawirus Sebäpli Çekilen Adam Pidasy 394 Boldy

 

Türkiýäniň koronawirusa garşy göreşi dowam edýär

Soňky 24 sagatda koronawirus sebäpli çekilen adam pidasy 394 boldy.

Epidemiýanyň başyndan bäri aradan çykan raýatlaryň sany 40 müň 131 adama ýetdi.

24 sagadyň dowamynda 265 müň 287 adam testden geçirilip, ýene-de 2 müň 673 adama koronawirusyň ýokaşandygy anyklandy.

Gündelik hasaba alynanlaryň sany bolsa 31 müň 891 adama ýetdi

Saglyk ýagdaýy gowulaşyp öýlerine ugradylan 69 müň 183 adam bilen birlikde, jemi sagalan raýatlaryň sany 4 million 323 müň 897 adama ýetdi.


Etiketkalar: #epidemiýa , #koronawirus

Degişli Habarlar