Erdogan Adam Hukuklary Hakyndaky Maksatnama Boýunça Düzgünnama Çap Etdi

Prezident R.T.Erdogan Adam hukuklary hakyndaky maksatnama (2021-2023) boýunça düzgünnama çap etdi

1631346
Erdogan Adam Hukuklary Hakyndaky Maksatnama Boýunça Düzgünnama Çap Etdi

Erdogan, Resmi gazetde çap edilen düzgünnamada “Azat şahsyýet, güýçli jemgyýet; Demokratiýasy güýçli Türkiýe” garaýyşyna laýyklykda adam hukuklarynyň standartlaryny ýokarlandyrmak maksady bilen taýarlanan Adam hukuklary boýunça maksatnamanyň 2021-nji ýylyň 2-nji martynda halk köpçüliginiň dykgatyna ýetirilendigi ýatladylýar.

Prezident Erdogan: “Maksatnamada bar bolan kanunnamlaryň giňişleýin öwrenilmegi bilen haklar hem-de azatlyklar sferasyny giňeldiji özgertmeleriň ýany bilen döwlet hyzmatlarynyň elýeterli, hasabat beriji, deň, aça-açan we adalatly şertlerde ýola goýulmagy bilen bagly standartlaryň ýokarlandyrylmagyny nazarda tutýar. Aýratynam praktikadaky bökdençlikleriň ortadan aýrylmagy we adam hukuklarynyň goralmagy üçin güýçli ulgamyň döredilmegi göz öňünde tutulýar” diýdi.

Erdogan, adam hukuklary we azatlyklary bilen bagly standartlaryň ýokarlandyrylmagy bilen demokratiýanyň raýatlaryň kanagatlanmasyna laýyklykda güýçlenme tapgyrynyň depgininde täze bir tapgyr boljakdygyny nygtady.

Maskatnamanyň gyşarnyksyz berjaý edilmegi we aç-açan iş ýüzüne geçirilmegi üçin ministrlikler bilen döwlet edaradyr kärhanalarynyň işlerini utgaşdyrmak boýunça “Adam hukuklary maskatnamasynyň iş ýüzüne geçirlişine gözegçilik we seljeriş geňeşi döredildi.

Geňeş her 6 aýdan bir gezek maslahat geçirer.



Degişli Habarlar