Prezident Erdogan Ýewropadaky Türk Jemgyýetçilik Guramalarynyň Wekillerini Kabul etdi
Prezidentiň kompleksindäki kabul edilşik metbugata ýapyk häsiýetinde geçirildi
Prezident R. T. Erdogan, Ýewropadaky käbir türk jemgyýetçilik guramalarynyň wekillerini kabul etdi.
Prezidentiň kompleksindäki kabul edilşik metbugata ýapyk häsiýetinde geçirildi.
Kabul edilşige Halkara demokratlar bileleşiginiň başlygy Köksal Kuş, Ýewropa Milli garaýyş guramasynyň başlygy Kemal Ergün, Ýewropa İdeýalist türk jemgyýetleri federassiýasynyň başlygy Şentürk Dogruýol, Ýewropa Türk yslam bileleşiginiň başlygy Durmuş Ýyldyrym, Din işleri türk yslam bileleşiginiň başlygy Kazym Türkmen, “Haýrat” gaznasynyň Ýewropadaky wekili Mehmet Köroglu, Ýewropa işewür adamlary jemgyýetiniň başlygy Burhan Saglam we Senagatçylar we işewür adamlary jemgyýetiniň Ýewropa boýunça başlygy Jahit Kerenjiler gatnaşdy.
Degişli Habarlar
Müsüriň Daşary Işler Ministri Türkiýede Saparda Bolar
Hakan Fidan müsürli kärdeşi bilen Stambul şäherinde duşuşar.
Daşary Işler Ministri Fidan Gollandiýada Saparda Bolýar
Hakan Fidan, Gaga şäherinde Gollandiýanyň Premýer-ministri Mark Rutte bilen duşuşdy.