“Eren Judi-Besta” we “Eren Kazan-Ogul” Operasiýalary Başladyldy

Opersiýalara 5 müň 280 hünärman gatnaşýar

1630459
“Eren Judi-Besta” we “Eren Kazan-Ogul” Operasiýalary Başladyldy

 

Şyrnak we Hakkari welaýatlarynda 5 müň 280 hünärmeniň gatnaşmagynda “Eren Judi-Besta” we “Eren Kazan-Ogul” operasiýalary başladyldy.

Içeri işler ministrliginden berlen beýannama görä, “Eren” operasiýalary halkyň golaw bermeginde üstünlikli ýagdaýda dowam edýär.

Şol çäkde, Yragyň demirgazygynda geçirilýän “Penje-Ýyldyrym” operasiýalary bilen şol bir wagtda we utgaşykly ýagdaýda ýurduň içinde ekstremist terror guramasy PKK-ny ýurduň gün tertibinden dolulygyna çykarmak, terrorçylaryň hüjümleriniň öňüni almak we terrorçylary täsirsiz ýagdaýa getirmek maksady bilen Şyrnak welaýatynda “Eren Judi-Besta” we Hakkari welaýatynda hem “Eren Kazan-Ogul” operasiýalary başladyldy.

Opersiýalara 5 müň 280 hünärman gatnaşýar.

Terror guramasyny ýurduň gün tertibinden dolulygyna çykarmak maksady bilen 2021-nji ýylyň 11-nji ýanwarynda başladylan “Eren” operasiýalarynyň çäginde häzire çenli 22 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi.

Terror guramasy bilen hyzmatdaşlyk edýän 75 adam saklandy, 666 gowak, gaçybatalga we ýarag hatardan çykaryldy. Köp sanly ok-däri ele geçirildi.



Degişli Habarlar