Ömer Çelik Jo Baýdene reaksiýa bildirdi

Çelik, düýn partiýanyň merkezinde ýurdyň Prezidenti we Adalat we ösüş partiýasynyň başlygy Rejep Taýýip Erdoganyň ýolbaşçylyk etmegindäki Merkezi karar we dolanşyk geňeşiniň maslahaty dowam edýärkä beýanat berdi

1629688
Ömer Çelik Jo Baýdene reaksiýa bildirdi

Adalat we ösüş partiýasynyň metbugat geňeşçisi Ömer Çelik, ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýdeniň 1915-nji ýyldaky wakalary genosid hökmünde häsýetlendirmegi bilen baglanşykly: "Genosid sözüniň milletimiz üçin, döwletimiz üçin, taryhymyz üçin ulanylmagyny asla kabul etmeris, muny ulanýanlary berk ýagdaýda ýazgarýandygymyzy aýdýarys. Bu hemişe näletlejegimiz bir pozisiýadyr. Jogapkärçiliksiz, hukuk esasy bolmadyk, hiç hili taryhy hadysa esaslanmaýan bir pozisiýadyr" diýip nygtady. 

Adalat we ösüş partiýasynyň metbugat geňeşçisi Ömer Çelik, düýn partiýanyň merkezinde ýurdyň Prezidenti we Adalat we ösüş partiýasynyň başlygy Rejep Taýýip Erdoganyň ýolbaşçylyk etmegindäki Merkezi karar we dolanşyk geňeşiniň maslahaty dowam edýärkä beýanat berdi. 

Ömer Çelik, 1915-nji ýyldaky wakalar bilen baglanşykly, ABŞ-da hem Demokrat partiýa hem Respublikançylar tarapyndan dowam etdirilen adaty syýasatyň ilkinji gezek bir Amerikan Prezidenti tarapyndan terk edilendigini beýan etdi. 

Taryhy maglumatlar we hukuk esaslary bilen hiç hili arabaglanşygy bolmaýan bir ýagdaýy başyndan geçirýändiklerini aýdan Ömer Çelik, bu syýasatyň diasporadaky ermeni fanatik toparlaryň dolulygyna zamuny ýagdaýyna gelendigini habar berdi. 

Bu toparlaryň Ermenistanyň syýasatyny we başgada ençeme döwletdäki syýasaty zamun astynda saklaýandygyny aýdan Ömer Çelik, ilkinji gezek bir ABŞ-nyň Prezidentiniň bular ýaly bir fanatik topara boýun egendigini mälim etdi. 

Syýasatyň we diplomatiýanyň taryhy kazyýet meýdany bolmandygyny aýdan Ömer Çelik: "Taryhy ýük ýagdaýyna getirmek hiç bir tagalla, hiç bir gaýrada mätäç bolmaýan örän aňsat bir hadysadyr. Bu ýerde gynansagam syýasatyň we diplomatiýanyň barlyk sebäbini terk eden, örän dar bir nukdaýnazar bilen ýüz-ýüzedigimizi görýäris" diýip aýan etdi. 



Degişli Habarlar