MGM: "Injirlik bazasy Türkiýe Respublikasy döwletine degişlidir" diýdi

Türkiýäniň Milli Goranmak ministrligi: "Injirlik bazasy Türkiýe Respublikasy döwletine degişlidir" diýip nygtady

1630142
MGM: "Injirlik bazasy Türkiýe Respublikasy döwletine degişlidir" diýdi

Türkiýäniň Milli Goranmak ministrliginiň çeşmeleri, Adana welaýatyndaky Injirlik bazasynyň Türkiýäniň Ýaragly güýçlerine degişli Harby-howa güýçleriniň howa bazalarynyň biridigini, içindäki ähli desgalar bilen birlikde mülkdarlygynyň hem, Türkiýe Respublikasy döwletine degişlidigini beýan etdi. 

Türkiýäniň Milli Goranmak ministrliginiň çeşmeleri, ABŞ-nyň Prezidenti Jo baýdeniň 1915-nji ýyldaky wakalary genosid hökmünde häsýetlendirmeginden soň güntertibe gelen Injirlik bazasy we şol bazadaky ABŞ-na degişli baýdaklarynyň düşürilmeginiň gerekdigi bilen bagly jedelleşikleriň üstünde durup geçdi. 

Injirlik bazasyndaky käbir desgalaryň ulanylmagynyň, Türkiýe bilen ABŞ-nyň arasynda 1980-nji ýylyň 29-njy martynda gol çekilen Goranyş we Ykdysady hyzmatdaşlyk ylalaşygyna görä alynyp barylýandygy mälim edildi. 

Türkiýäniň Milli Goranmak ministrliginiň çeşmeleri: "Injirlik bazasy Türkiýäniň Ýaragly güýçlerine degişli Harby-howa güýçleriniň howa bazalarynyň biridir, Türk bazasydyr, içindäki ähli desgalar bilen birlikde mülkdarlygy Türkiýe Respublikasy döwletine degişlidir. Şanly baýdagymyz günüň 24 sagady ol ýerde pasyrdaýar we hiç wagt aşak düşürilmedi. Injirlikde ýerleşýän 10-njy Tanker serkerdeligi, iýerarhiki taýdan ilki bilen Eskişehir welaýatynda ýerleşýän Harby-howa güýçleriniň söweşjeň serkerdeligine, soň bolsa ýurdyň Harby-howa güýçlerine degişlidir. Injirlikdäki serkerdelik wezipesini, serkerdäniň buýrugyna laýyklykda ýerine ýetirýär" diýip habar berdi. 

Türkiýäniň Milli Goranmak ministrliginiň çeşmeleri, 10-njy Tanker serkerdeliginde ABŞ-dan daşary Ispaniýa, Katar we Polşa degişli güýçleriň bardygyny, bazadan Tebigy tutanýerlilik operasiýasynyň hem goldanýandygyny aýan etdi. 



Degişli Habarlar