Yragyň Demirgazygynda PKK-a Agza 1 Terrorçy Täsirsiz Ýagdaýa Getirildi

Awaşin-Basýan etrapçasynda şehit bolan esgeriň gany ýerde galmady

1629204
Yragyň Demirgazygynda PKK-a Agza 1 Terrorçy Täsirsiz Ýagdaýa Getirildi

 

Yragyň demirgazygynda geçirilýän “Penje-Ýyldyrym” operasiýasynda terror guramasy PKK-a agza 1 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi.

Milli Goranmak ministrliginden berlen beýannamada, Yragyň demirgazygynda ýerleşýän Metina we Awaşin-Basýan etrapçalarynda geçirilýän “Penje-Ýyldyrym” operasiýalarynyň meýilleşdirilşi ýaly dowam edýändigi nygtaldy.

Beýannamada, operasiýanyň çäginde Awaşin-Basýan etrapçasynda şehit bolan esgeriň ganynyň ýerde galmandygy nygtaldy.

Beýannamada şehidiň hüjüme sezewar bolan ýerinde ýerleri anyklanylan terror guramasy PKK-ly 1 terrorçynyň ýaraglary bilen birlikde täsirsiz ýagdaýa getirlendigi bellenildi.



Degişli Habarlar