Türkiýäniň Koronawirus epidemiýasyna garşy göreşi dowam edýär

Gündelik hasaba alynanlaryň sany bolsa 43 müň 301 adama ýetdi

1629495
Türkiýäniň Koronawirus epidemiýasyna garşy göreşi dowam edýär

Türkiýäniň koronawirus epidemiýasyna garşy göreşinde soňky 24 sagatda çekilen adam pidasy 346 boldy.

Türkiýede epidemiýanyň başyndan bäri aradan çykan raýatlaryň sany 39 müň 57 adama ýetdi.

Soňky 24 sagadyň dowamynda 282 müň 192 adam testden geçirilip, ýene-de 2 müň 703 adama koronawirusyň ýolugandygy anyklandy.

Gündelik hasaba alynanlaryň sany bolsa 43 müň 301 adama ýetdi.

Saglyk ýagdaýy gowulaşyp öýlerine ugradylan 45 müň 592 adam bilen birlikde, jemi sagalan raýatlaryň sany 4 million 167 müň 263 adama ýetdi.


Etiketkalar: #koronawirus , #Türkiýe

Degişli Habarlar