Türkiýäniň Koronawirusa Garşy Göreşi Dowam Edýär

Soňky 24 sagatda koronawirus sebäpli çekilen adam pidasy 353 boldy.

1628753
Türkiýäniň Koronawirusa Garşy Göreşi Dowam Edýär

Epidemiýanyň başyndan bäri aradan çykan raýatlaryň sany 38 müň 711 adama ýetdi.

24 sagadyň dowamynda 268 müň 893 adam testden geçirilip, ýene-de 2 müň 716 adama koronawirusyň ýokaşandygy anyklandy.

Gündelik hasaba alynanlaryň sany bolsa 37 müň 312 adama ýetdi

Saglyk ýagdaýy gowulaşyp öýlerine ugradylan 48 müň 27 adam bilen birlikde, jemi sagalan raýatlaryň sany 4 million 121 müň 671 adama ýetdi.

Prezident Erdogan pandemiýa garşy alynyp barylýan göreşiň çäginde 29-njy aprelden 17-nji maýa çenli ýurt boýunça “doly çäklendirme” düzgünine geçiljekdigini aýtdy.



Degişli Habarlar