"Sputnik V" sanjymynyň Türkiýede öndürilmegi üçin ylalaşyk gazanyldy

Russiýanyň Göni maýa goýum gaznasy bilen Türkiýeden bir derman kärhanasy,  "Sputnik V" sanjymynyň Türkiýede öndürilmegi babatynda ylalaşyk gazandy

1628571
"Sputnik V" sanjymynyň Türkiýede öndürilmegi üçin ylalaşyk gazanyldy

Russiýanyň Göni maýa goýum gaznasynyň mesele bilen bagly beren beýanatynda, "Sputnik V" sanjymynyň Türkiýede öndürilmegi üçin Türkiýedäki derman kärhanalarynyň biri bilen ylalaşyk gazanandyklaryny habar berdi. 

Derman kärhanasynyň öňümizdäki aýlarda Türkiýedäki derman öndürýän fabriklerde sanjymy öndürmäge başlajakdygy mälim edildi. 

"Sputnik V" sanjymy Russiýanyň Gamaleýa milli epidemiologiýa we mikrobiologiýa instituty tarapyndan oýlanyp tapylypdy. 

Şu ýylyň başlarynda The Lancet žurnaly, "Sputnik V" sanjymynyň täsirlilik derejesiniň 91,6 göterimdigini habar beripdi. 



Degişli Habarlar