“Penje-Ýyldyrym” Operasiýalarynda 31 Terrorçy Täsirsiz Ýagdaýa Getirildi

Milli Goranmak ministri Hulusy Akar bilen Türk ýaragly güýçleriniň serkerdeleri “Penje-Ýyldyrym” operasiýalar merkezine bardy

1628159
“Penje-Ýyldyrym” Operasiýalarynda 31 Terrorçy Täsirsiz Ýagdaýa Getirildi

 

Milli Goranmak ministri Hulusi Akar “Penje-Ýyldyrym” operasiýalarynda 31 terrorçynyň täsirsiz ýagdaýa getirlendigini aýtdy.

Milli Goranmak ministri Hulusy Akar bilen Türk ýaragly güýçleriniň serkerdeleri “Penje-Ýyldyrym” operasiýalar merkezine baryp gördi.

“Penje-Ýyldyrym” operasiýalarynyň üstünlikli ýagdaýda dowam edýändigini aýdan Akar “Biziň ýeke-täk maksadymyz bar, ol hem terrorçylary ýok etmek we muny her bir adam bilmeli. Yragyň başda durmagynda ähli goňşularymyzyň territorial bitewiligine we serhetleriniň howpsyzlygyna sarpa goýýarys. Yrakly doganlarymyzyň we öz halkymyzyň durnuklylygyna we howpsyzlygyna uly ähmiýet berýäris” diýdi.

23-nji aprelde başlan operasiýalar hakynda maglumat beren Akar “Häzire çenli gahryman esgerlerimiz tarapyndan 31 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi” diýip belledi.



Degişli Habarlar