Mustafa Şentop Jo Baýdene reaksiýa bildirdi

TBMM-niň başlygy Mustafa Şentop, TBMM-de "Ikinji Garabag söweşi we Ermenistanyň harby jenaýatlary" atly panelde çykyş etdi

1628712
Mustafa Şentop Jo Baýdene reaksiýa bildirdi

TBMM-niň başlygy Mustafa Şentop, rasizm, genosid, daşary ýurtlarda adamzada garşy edilen jenaýat ýazgylary bolan ýurtlaryň resmileriniň Türkiýe barada beýanat berýän mahallary has ünsli bolmaklarynyň gerekdigini beýan etdi. 

TBMM-niň başlygy Mustafa Şentop, TBMM-de "Ikinji Garabag söweşi we Ermenistanyň harby jenaýatlary" atly panelde çykyş etdi. 

Mustafa Şentop çykyşynda: "Ermenistanyň we ermeni diasporasynyň Beýik Ermenistan hyýalyna düşüp, ermenileri toslama genosid öňe sürmeleri bilen Türkiýä garşy ýigrenç duýgulary bilen öjükdirmekleriniň bir netijesi hökmünde, sebitdäki durnuksyzlygyň jogapkärleridigi aýdyňdyr" diýip beleldi. 

Mustafa Şentop, ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýdeniň 1915-nji ýyldaky wakalar bilen baglanşykly beren beýanaty barada: "Ylmy, taryhy hiç hili täze maglumat, täze bir netijelendirme ýok. Üýtgän ýeke täk zat syýasy karardyr" diýip nygtady. 

Şentop: "ABŞ-nyň Prezidentiniň genosid beýanaty hukuk, syýasy we taryhy maglumatlary äsgermeýän bir beýanatdyr. Bu ABŞ-nyň ähliumumy hukuk we bilim bilen gapma-garşy gelýändigini ýüze çykaryşy ýaly, Türkiýe we ABŞ-nyň arasyndaky adam hukuklaryna, hukugyň üstünligine we ikitaraplaýyn dostlyga esaslanýan gatnaşyklara zyýan ýetirjek derejedäki beýanatdyr" diýip habar berdi. 



Degişli Habarlar