Hulusi Akar serkerdeler bilen sanly ulgam arkaly maslahat geçirdi

Milli Goranmak ministri Hulusi Akar, serkerdeler bilen sanly ulgam arkaly maslahat geçirdi

1628705
Hulusi Akar serkerdeler bilen sanly ulgam arkaly maslahat geçirdi

Milli Goranmak ministrligi tarapyndan berilen beýanatda, maslahat Hulusi Akaryň ýolbaşçylyk etmeginde, Baş Ştabyň başlygy Ýaşar Güleriň, Guryýer güýçleriniň serkerdesi Ümit Dündaryň, Harby-howa güýçleriniň serkerdesi Hasan Küçükakýüziň, Harby-deňiz güýçleriniň serkerdesi Adnan Özbalyň we ministriň orunbasary Ýunus Emre Karaosmanoglunyň gatnaşmagynda geçirildi. 

Ýurdyň içinde we daşary ýurtlardaky harby güýçleriň serkerdeleriniň dowam edýän işleri we meýdandaky soňky ýagdaý barada maglumat berilen maslahatda, goranyş we howpsuzlyk ugurlary bilen birlikde koronawirus epidemiýasyna garşy göreş hem ara alynyp maslahatlaşyldy. 

Serkerdelerden maglumat alan ministr Akar, olara käbir görkezmeler berdi. 



Degişli Habarlar