“Baýden Esassyz, Haksyz, Hakykatlara Bap Gelmeýän Sözler Aýtdy”

Prezident R.T.Erdogan Baýdene berk reaksiýa bildirdi

1628752
“Baýden Esassyz, Haksyz, Hakykatlara Bap Gelmeýän Sözler Aýtdy”

Prezident R.T.Erdogan ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýdeniň bir asyrdan köp wagt ozal başdan geçirilen gussaly wakalar hakynda “esassyz, haksyz, hakykatlara bap gelmeýän” sözler aýdandygyny nygtap; “Türke, türk milletine “genosid” ýarlygyny ýapyşdyryp bilmersiňiz” diýdi.

Prezident Erdogan Ministrler kabinetiniň maslahatyndan soň metbugata beýannama berdi.

24-nji aprelde Jo Baýdeniň 1915-nji ýyldaky wakalary toslama “genosid” hökmünde häsýetlendirmegine reaksiýa bildiren Erdogan: “Bu garaýyşyň radikal ermeni töwerekleriň we Türkiýä garşy durýan toparlaryň basyşy bilen beýan edilendigini pikir edýäris” diýdi.

Baýdeniň bir asyrdan köp wagt ozal başdan geçirilen gussaly wakalar hakynda “esassyz, haksyz, hakykatlara bap gelmeýän” sözler aýdandygyny nygtan Erdogan; “ABŞ we Ýewropa eger biziň bilen taryh meselesinde bäsleşmek isleýän bolsa, olar iliň içine çykyp bilmezler. Ony biz däl, ýewropaly taryhçylar aýdýarlar. Eger genosid diýýän bolsaňyz özüňize aýnanyň öňünde seredip görüň” diýdi.

“Osman döwleti ermeni ilaty başga ýere ugratmandyr, öz çäklerinde ýerlerini üýtgetdi. Olara bir hepde möhlet berilipdir, käbir sebäp görkezenler ondan boşadylypdyr” diýen Erogan; “Göçürmä degişli bolan ermenileriň sany ABŞ-nyň habarnamalarynda hem köp bolanda 600 müň diýip görkezilipdir, emma hakykatda şol san hasam az” diýdi.

Prezident Erdogan ençeme ýerde şol döwürde ermeniler tarapyndan gyrylan türkleriň köpçülikleýin gonamçylyklaryň bardygyny, emma ermenilere degişli köpçülikleýin gonamçkylyga gabat gelinmändigini nygtady.

Erdogan: “24-nji aprelde gumanitar pajyga başdan geçirilmedi. 1915-nji ýylyň 24-nji apreliOsman döwletine garşy iş alyp barýan guramalar ýapylyp, 235 ýolbaşçysynyň tussag edilen günüdir. Ermeni garakçy toparlary türk goşunlary bilen ýa-da şäherlerini goraýan söweşijiler bilen çaknyşypdyr, goragsyz adamlary gyrypdyr. Bu hakykatlara garamazdan türke, türk milletine “genosid” ýarlygyny ýapyşdyryp bilmersiňiz” diýdi.

Prezident Erdogan: “Taryhdaky wakalaryň öwrenilmegi we hakykatlaryň ýüze çykarylmagy taryhçylara degişli bolmaly, syýasatçylara däl. uzak ýyllardan bäri beýan edilýän ermeni tesizleri boýunça bilelikdäki taryh toparynyň döredilmegi hakyndaky teklibimize henize çenli jogap ýok” diýdi.



Degişli Habarlar