Altun: "DKTR-nyň ykbaly biziň ykbalymyzdyr" diýdi

Kommunikasiýalar edarasynyň başlygy Fahrettin Altun, DKTR-nyň ykbalynyň Türkiýäniň ykbalydygyny beýan etdi

1628222
Altun: "DKTR-nyň ykbaly biziň ykbalymyzdyr" diýdi

Kommunikasiýalar edarasynyň başlygy Fahrettin Altun, DKTR-nyň Prezidenti Ersin Tataryň Gresiýada çap edilýän "Kathimerini" gazedine beren interwýusy barada sosial mediadan beýanat berip: "DKTR-nyň ykbaly biziň ykbalymyzdyr" diýip belledi. 

Fahrettin Altun, DKTR-nyň Prezidenti Ersin Tatary bellige alyp beren beýanatynda: "Idealymyz umumydyr. Kipr türkleriniň dawasy biziň dawamyzdyr. Düýn bolşy ýaly şu gün we ertirki gün hem ähli güýjümiz bilen DKTR-nyň ýanynda bolarys" diýip habar berdi. 

DKTR-nyň Prezidenti Ersin Tatar, "Kathimerini" gazedine beren interwýusynda: "Türkiýe uly bir ýurtdyr, bu ýurdyň kepillendirijisidir, ata watanydyr. Bu ýerde söz eýesidir" diýip belläpdi. 



Degişli Habarlar