Türkiýe Yrak döwletine gynanç bildirdi

Türkiýe Yrakdaky Koronawirus hassahanasynda ýüze çykan ýangynda çekilen adam pidalaryna gynanç bildirdi

1627947
Türkiýe Yrak döwletine gynanç bildirdi

Türkiýe Yragyň paýtagty Bagdad şäherinde koronawirusa ýolugan adamlaryň bejergi edilýän Hatip hassahanasynda bolan partlama we ondan soň ýüze çykan ýangyn sebäpli gynanç bildirdi. 

Daşary işler ministrliginden berilen ýazmaça beýanatda, şu gün irden bolan partlama we ondan soň ýüze çykan ýangynda köp sanda syrkawyň we syrkawyň dogan-garyndaşlarynyň ýogalandygy baradaky habaryň uly gynanç bilen alynandygy mälim edildi. 

Beýanatda: "Bu aýylganç wakada ýogalanlar sebäpli doganlyk Yragyň halkyna we Yragyň hökümetine gynanç bildirýäris, ýaralanan adamlaryň bolsa tiz wagtda sagalmaklaryny dileýäris" diýip habar berildi. 



Degişli Habarlar