Türkiýäniň Kowid-19 epidemiýasyna garşy göreşi dowam edýär

Gündelik hasaba alynanlaryň sany bolsa 38 müň 553 adama ýetdi

1628037
Türkiýäniň Kowid-19 epidemiýasyna garşy göreşi dowam edýär

Türkiýäniň koronawirus epidemiýasyna garşy göreşinde soňky 24 sagatda çekilen adam pidasy 347 boldy.

Türkiýede epidemiýanyň başyndan bäri aradan çykan raýatlaryň sany 38 müň 358 adama ýetdi.

Soňky 24 sagadyň dowamynda 260 müň 280 adam testden geçirilip, ýene-de 2 müň 801 adama koronawirusyň ýolugandygy anyklandy.

Gündelik hasaba alynanlaryň sany bolsa 38 müň 553 adama ýetdi.

Saglyk ýagdaýy gowulaşyp öýlerine ugradylan 51 müň 236 adam bilen birlikde, jemi sagalan raýatlaryň sany 4 million 73 müň 644 adama ýetdi.


Etiketkalar: #Türkiýe , #koronawirus

Degişli Habarlar