Erdogan Çanakgaladaky gury ýer söweşleriniň 106-njy ýyly bilen bagly ýüzlenme çap etdi

Prezident Erdogan Çanakgalanyň ruhuny ýaşatmaga, Türkiýäni ertirki günlere has güýçli ýagdaýda ýetirmäge dowam etjekdiklerini habar berdi

1628013
Erdogan Çanakgaladaky gury ýer söweşleriniň 106-njy ýyly bilen bagly ýüzlenme çap etdi

Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdogan, Çanakgaladaky gury ýer söweşleriniň 106-njy ýyly bilen bagly ýüzlenme çap etdi.

Watanyň topraklaryny goran şehitleri, gazylary we ähli gahrymanlary uly hormat bilen ýatlap geçen Erdogan, ozaldan bäri erkin ýaşaýan milletiň garaşsyzlyk ugrundaky epiki göreşini ýeňişe ýetiren Çanakgala ruhunyň geljek nesillere monumental bir mirasdygyny beýan etdi. 

Prezident Erdogan: "Iň kyn şertlerde hem mobilizasiýa görnüşinde jebisleşýän milletimiz, watany we baýdagy üçin jany-teni bilen hiç bir basyp alyşlyga rugsat bermejekdigini düýn bolşy ýaly şu günki gün hem orta goýar. Taryhy şanly ýeňişler bilen doly milletimiziň haklaryna we mukaddesleriklerine eýe çykmaga, Çanakgala ruhuny ýaşatmaga, ýurdumyzy ertirki günlere has güýçli ýagdaýda ýetirmäge tutanýerlilik bilen dowam ederis. Täze nesilleriň egnine düşýän wezipe, Çanakgalada gan bilen, jan bilen, erjellik bilen, mertlik bilen daşa, topraga, deňize ýazylan özygtyýarlylyk we geljek ýüzlenmesine eýe çykmakdyr. Başda Gazy Mustafa Kemal bolmak bilen Çanakgaladaky gahrymanlarymyzy ýene-de bir gezek hormat bilen ýatlaýarys, ähli raýatlarymyzy tüýs ýüregimden salamlaýaryn" diýip belledi. 



Degişli Habarlar