Türkiýe, Jo Baýdeniň Beýannamasyny Näletleýär

“Taryhy meselelerde höküm çykarmak üçin ne hukuky ne-de ahlaky taýdan ygtyýary bolan ABŞ-nyň Prezidentiniň beýannamasynyň hiç hili güýji ýok”

1627645
Türkiýe, Jo Baýdeniň Beýannamasyny Näletleýär

 

Türkiýe, ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýdeniň, 1915-nji ýylda başdan geçirlen wakalary toslama genosid hökmünde häsiýetlendirmegini näletledi.

Daşary işler ministrliginden berlen beýannamada “ABŞ-nyň Prezidentiniň 24-nji aprelde beren 1915-nji ýylda başdan geçirlen wakalar hakyndaky beýannamasyny kabul etmeýäris we berk näletleýäris” diýildi.

Beýannamada “Taryhy meselelerde höküm çykarmak üçin ne hukuky ne-de ahlaky taýdan ygtyýary bolan ABŞ-nyň Prezidentiniň beýannamasynyň hiç hili güýji ýok” diýildi.

“1915-nji ýylda başdan geçirlen wakalar hakynda, halkara hukukda ýer alýan genosid sözüni ulanmagy üçin talap edilýän şertleriň hiç biri ýok” diýlen beýannamada,  “Şeýle çemeleşme diňe taryhyň gödeklik bilen ýoýulmagyna sebäp bolar.Ýewropa Adam hukuklary kazyýeti, 1915-nji ýylda başdan geçirlen wakalaryň nähili ýagdaýda jedelleşilip bilinjekdigini açyk aýdyň beýan etdi. Beýleki tarapdan Türkiýe hökmünde şol döwürdäki ylmy hakyklatlaryň gün ýüzüne çykarylmagy üçin 2005-nji ýylda “Bilelikdäki Taryh komissiýasynyň döredilmegini” teklip etdik. Ermeni tarapy şol teklibe henizem jogap bermedi. Emma biziň şol teklibimiz öz güýjüni gorap saklaýar”

Beýannamada, medeniýetleriň sallançagy hökmünde atlandyrlan geografiýanyň merkezinde ýerleşýän we başdan geçiren ähli gam-gussasyna garamazdan adamzadyň parahatçylygy we durnuklylygy üçin tagalla etmegi saýlap alan Türkiýäniň, taryhy bilen ýüzleşmekden asla ýüz öwürmändigi nygtalyp “Türkiýe bu meselede ABŞ-dan ders almaz” diýildi.


Etiketkalar: #ABŞ , #Jo Baýden , #genosid

Degişli Habarlar