Kalyn Bilen Salliwan Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi

Türkiýe bilen ABŞ-nyň arasyndaky gatnaşyklaryň özara bähbide we sylag hormada laýyklykda dowam etdirilmelidigi nygtaldy

1627286
Kalyn Bilen Salliwan Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi

Prezidentiň metbugat sekretary Ibrahim Kalyn, Ak Tamyň Milli howpsyzlyk boýunça kömekçisi Jeýk Salliwan bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

Mesele hakynda berlen beýannama görä, Kalyn bilen Salliwan telefon söhbetdeşliginde Prezident R. T. Erdoganyň ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýden bilen geçiren telefon arkaly söhbetdeşliginde seljerlen ugurlar hakynda giňişleýin pikir alyşdy.

Telefon söhbetdeşliginde, iki lideriň iýun aýynda geçiriljek NATO-nyň liderler maslahatynyň çäginde duşuşmak hakyndaky kararyna hoşallyk bildirildi we bar bolan düşnüşmezliklere garamazdan Türkiýe bilen ABŞ-nyň arasyndaky gatnaşyklaryň özara bähbide we sylag hormada laýyklykda dowam etdirilmelidigi nygtaldy.



Degişli Habarlar