Erdogan Esgerler Bilen Söhbetdeş Boldy

Prezident Erdogan terrorizme garşy göreşiň egilşiksiz dowam etjekdigini aýtdy

1627549
Erdogan Esgerler Bilen Söhbetdeş Boldy

Prezident R.T.Erdogan Yragyň demirgazygynda ekstremist terror guramasy PKK garşy geçirilýän “Penje-Ýyldyrym” operasiýalarynyň maksadynyň günorta serhetlerde döredilmäge synanşylýan terror güýjüni doly ýok etmekden ybaratdygyny aýtdy.

Prezident Erdogan Yragyň demirgazygynda terror guramasyna garşy geçirilýän “Penje-Ýyldyrym” operasiýasynyň dolanşyk merkezine baglandy.

Esgerlere ýüzlenip çykyş eden Erdogan: “Maksadymyz günorta serhetlerimizde döredilmäge synanşylýan terror güýjüni doly ýok etmek we howplary ortadan aýyrmakdan ybarat. Ne Türkiýäniň, ne Yragyň ne-de Siriýanyň geljeginde ekstremist terror guramasyna we terrorizme asla ýer ýok. Sebitimize gandan, göz ýaşyndan we pajygadan başga zat getirmedik şol ganhor sürüleri doly ýok edilýänçä göreşimiz dowam eder” diýdi.

Operasiýalarda esasan ýerli we milli enjamlaryň ulamnylmagynyň aýratyn buýsançdygyny beýan eden Erdogan: “Gowaklara, gaçybatalgalara hüjüm guralýan operasiýada häzirki wagta çenli köp sanly terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi. Biz terrorizmi doly ýok etmekde ygrarly” diýdi.

Prezident Erdogan: “Ölsem şehit, galsam kazy” düşünjesi bilen alynyp barylýan bu göreşde gahryman esgerlerimiziň öňünde durjak güýç ýok. Yragyň territorial bitewiligine sarpa goýmagyň çäginde geçirilýän operasiýa, sebitde parahatçylygyň we asudalygyň ornaşdyrylmagyna uly goşant goşar” diýdi.

 

 



Degişli Habarlar