Milletimiziň Ygtyýarynyň Beýany Bolan Mejlisimiz Baky Ýaşar

Prezident R.T.Erdogan 23-nji Aprel Milli häkimiýet we çagalar baýramy mynasybetli ýüzlenme çap etdi

1626803
Milletimiziň Ygtyýarynyň Beýany Bolan Mejlisimiz Baky Ýaşar

Erdogan ýüzlenmesinde: “2016-njy ýylyň 15-nji iýulynda FETÖ-çiler tarapyndan bombalanan Mejlisimiz, mili ygtyýaryň beýan hökmünde baky ýaşar” diýdi.

Prezidentiň ýanyndaky Kommunikasiýalar edarasyndan berilen beýannama görä Erdogan ýüzlenmesinde, Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň döredilen gününiň 101-nji ýyllygy bilen 23-nji aprel Milli häkimiýet we çagalar baýramyny gutlap, Gahryman Mustafa Kemalyň dünýä çagalaryna sowgat eden şu taýsyz günüň ýurt, millet we çagalar üçin bähbit getirmegini arzuw etdi.

Mejlisiň 1920-nji ýylyň 23-nji aprelinden bäri ençeme kynçylyklary ýeňip geçendigini, Milli göreşde buýsanç bilen eýe bolan “gahrymanlyk” derejesini 15-nji iýul agdarlyşyk synanşygynda ikinji gezek alandygyny beýan eden Erdogan; “Agdarlyşyk, hunta, gönükdirme synanşyklaryna we terror hüjümlerine duçar bolan, soňky gezek 2016-njy ýylyň 15-nji iýylynda dönük FETÖ-çiler tarapyndan bombalanan beýik Mejlisimiz, milli ygtyýaryň beýany hökmünde baky ýaşamaga dowam eder. Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň astynda beýik we güýçli Türkiýe ideýasy bilen jebisleşen eziz milletimiz üçin has beýik, güýçli, eşretli Türkiýäni gurmak, gelejek nesilleri buýsandyrjak ýurt goýup gitmek üçin bar güýjümiz bilen işleýäris.

Garaşsyzlyk söweşimiziň serkerdebaşysy, Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň ilkinji Başlygy, Respublikamyzyň esaslandyryjysy Gahryman Mustafa Kemal bilen ähli şehitlerimizi we gahrymanlarymyzy rehmet we minnetdarlyk bilen hatyralaýaryn. Ähli çagalarymyzyň şu taýsyz baýramyny gutlaýaryn” diýdi.

 



Degişli Habarlar