Erdogan Bilen Baýden Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi

Erdogan bilen Baýden özara gatnaşyklar we sebitara meseleler hakynda pikir alyşdy

1627198
Erdogan Bilen Baýden Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi

Prezident R. T. Erdogani ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýden bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

Prezidentiň ýanyndaky Kommunikasiýalar edarasyndan berlen beýannama görä, Erdogan telefon söhbetdeşliginde Fetullahçy terror guramasy FETÖ-niň ABŞ-da öz işini dowam etdirmegi we ABŞ-nyň Siriýada ekstremist terror guramasy PKK/PÝD-ä berýän goldawy ýaly meseleleriň çözülmeginiň ähmiýetine ünsi çekdi.

Ak Tamdan berlen beýannamada, Erdogan bilen Baýdeniň telefon arkaly söhbetdeşlik geçirendigi we iki lideriň özara gatnaşyklar we sebitara meseleler hakynda pikir alyşandygy nygtaldy.

Erdogan bilen Baýdeniň iýun aýynda geçiriljek NATO-nyň liderler maslahatynyň çäginde duşuşmak meselesinde ylalaşyk gazanandygy bellenildi.

Beýannamada “Baýden, Erdogan bilen geçiren telefon arkaly söhbetdeşliginde özara hyzmatdaşlygyň artdyrylmagyna we düşnüşmezlikleriň ortadan aýrylmagynyň ähmiýetine ünsi çekdi” diýildi.



Degişli Habarlar