23-nji Aprel Milli Häkimiýet we Çagalar Baýramyna Bagyşlanan Çäreler Geçirilýär

Şol çäkde döwlet ýolbaşçylary Atatürkiň aramgähine bardylar

1627016
23-nji Aprel Milli Häkimiýet we Çagalar Baýramyna Bagyşlanan Çäreler Geçirilýär
23 nisan anitkabir.jpg
23 nisan anitkabir.jpg

Mejlisiň Başlygy Mustafa Şentonyň ýolbaşçylygyndaky döwlet resmileri TBMM-niň 101-nji ýyly we 23-nji aprel Milli häkimiýet we çagalar baýramy mynasybetli Atatürkiň aramgähinde geçirilen hatyralama çäresine gatnaşdylar.

Hatyralama çäresine Şentop bilen birlikde Prezidentiň orunbasary Fuat Oktaý, Respublikan halk partiýasynyň Başlygy Kemal Kylyçdarogly, Gowy partiýanyň Başlygy Meral Akşener, hökümetiň agzalary we halk deputatlary gatnaşdylar.

Milli kasam minarasynda Aramgähiň ýatlama depderine hatyra sözlerini ýazan Şentop: “Eziz Atatürk! Taryhy buýsanç we abraýdan doly eziz milletimiziň egilsilmez gaýradyna esaslanýan Mejlisimiziň döredilen gününiň 101-nji ýylynda milli göreşimizin beýik serkerdesi, Respublikamyzyň esaslandyryjysy, ilkinji Başlygymyz we Prezidentimiz bolan siziň ruhuňyzyň öňünde baş egýäris. Eziz milletimiziň gelejegine we watanyna kast edilen garaňky döwürde Anakrada milli döreliş hökmünde jemlenşen we Milli göreşimiziň karargähi bolan Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň eýe bolan ähmiýetine hem-de onuň berjaý eden wezipesine doly göz ýetirýäris” diýip ýazdy.

Şentop Türkiýe Respublikasynyň we onuň hakyky eýesi bolan asylzada milletiň 101 ýyl ozal bolşy ýaly şu günki günde-de taryha düşünmek we geljegi gurmak taýdan ygtyýarynyň mizemezdigini beýan etdi.



Degişli Habarlar