Prezident Erdogan Klimat Sammitine Gatnaşdy

Prezident Erdogan: "Global derejedäki strategik hyzmatdaşlyk uly ähmiýede eýe" diýip nygtady

1626658
Prezident Erdogan Klimat Sammitine Gatnaşdy

Prezident Rejep Taýýip Erdogan: "Ýaşyl transformasiýa başda bolmak bilen beýleki ugurlarda hem global derejede strategik hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagy uly ähmiýede eýe" diýip belledi.  

ABŞ-nyň ýer eýeçilik etmeginde dünýäniň 40 ýurdunyň liderleriniň gatnaşmagynda geçirilen Klimat maslahatyna sanly ulgam arkaly gatnaşan Prezident Erdogan: "Beýan edişimize görä 2012-2030-njy ýyllar aralygynda 1 milliard 920 million tonna kömürturşy gazyň öňi alynar" diýip habar berdi. 

Prezident Erdogan soňky 18 ýylda Türkiýäniň tokaý baýlygynyň 20,8 million gektardan 23 million gektara ýetendigini beýan etdi. 

"Galyndysyz zir-zibil taslamasy bilen gaýtadan işleýiş derejesini 2035-nji ýyla çenli 60 göterime ýetireris" diýip aýdan Prezident Erdogan: "Parnik gazy ýaýratmada taryhy jogapkärçiligi hiç hilli bolmadyk Türkiýe, global klimat režiminde adalatly bir pozisiýada seljerilmelidir. Ýaşyl transformasiýa başda bolmak bilen beýleki ugurlarda hem global derejede strategik hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagy uly ähmiýede eýe" diýip nygtady. 

Prezident Erdogan: "Meňzeş ykdysady derejedäki ýurtlar bilen deň mümkinçiliklerde bolmak şerti bilen klimat hereketlerine goşant goşmaga dowam ederis" diýip aýan etdi. 



Degişli Habarlar