Türkiýäniň Söwda ministri Mehmet Muş beýanat berdi

Türkiýäniň Söwda ministri Mehmet Muş, ýeke täk maksatlarynyň 84 million türk halkynyň abadançylygyny ýokarlandyrmakdygyny beýan etdi

1625633
Türkiýäniň Söwda ministri Mehmet Muş beýanat berdi

Türkiýäniň täze Söwda ministri Mehmet Muş, ilkinji beýanatyny Adalat we ösüş partiýasynyň TBMM-däki maslahatyna gatnaşmadan ozal metbugat işgärlerine berdi. 

Mehmet Muş, wezipä bellenjekdigi baradaky habaryň Prezident Rejep Taýýip Erdogan tarapyndan özüne berilendigini mälim etdi. 

Mehmet Muş ilkinji beýanatynda: "Türkiýäniň eksportynyň artdyrylmagy we ykdysadyýetiň ösmegi, adamlaryň ýaşaýyş durmuş şertleriniň ýokarladylmagy üçin elimizden gelen ähli zady etmek üçin tagalla ederis. Ýeke täk maksadymyz 84 million türk halkynyň abadançylygyny ýokarlandyrmak" diýip belledi. 



Degişli Habarlar